Belarussiýa bilen Ukrainanyň arasynda howpsuzlyk boýunça gepleşik geçirildi

Belarussiýanyň Goranmak ministri Wiktor Hrenin, Ukrainanyň Goranmak ministri Oleksiý Reznikow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1778494
Belarussiýa bilen Ukrainanyň arasynda howpsuzlyk boýunça gepleşik geçirildi

Belarussiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Ukrainanyň insiatiwasy boýunça geçirilen telefon söhbetdeşliginde Hrenin we Reznikow iki ýurdyň arasynda harby ugur boýunça hyzmatdaşlyk, hyzmatdaşlykdaky meseleli ugurlar, sebitdäki howpsuzlyk we ynam gurşawynyň güýçlendirilmegi boýunça anyk ädimleriň ele alynandygy mälim edildi. 

Hrenin Ukrainanyň halkynyň Belarussiýa üçin doganlyk halkdygyny we mundan soň hem boljakdygyny belläp: "Belarussiýa Ukraina bilen gatnaşyklarda dartgynlygy başlaýjy däldir" diýip nygtady. 

Reznikow bolsa iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýaňadandan başladylmagy, howpsuzlyk we ikitaraplaýyn ynam meselelerindäki hyzmatdaşlygyň özgerdilmegini isledi. 

Hrenin, telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň Ukraina bilen gatnaşyklary düzedip boljakdygy baradaky sözlerini ýatlatdy.  

Ministrler "Ýaranlyk tutanýerliligi 2022" atly harby türgenleşigi ele alandyklary bellenen beýanatda: "Ministrleriň ikisi hem bu türgenleşigiň doganlyk ýurtlaryň howpsuzlygyna wehim salmaýandygy baradaky ynançlaryny beýan etdiler" diýip mälim edildi. 

Belarussiýanyň we Rusiýanyň 10-njy fewralda başladan "Ýaranlyk tutanýerliligi 2022" atly harby türgenleşigi Belarussiýanyň territoriýasynda dowam edýär. Türgenleşik 20-nji fewralda öz işini tamamlar. 



Degişli Habarlar