Eýran Günde 1,2 Million Barrel Nebit Satuwyny Amala Aşyrýar

Eýranyň Dolanşyk ulgamy geňeşiniň agzasy Said Jelili döwlet teleýaýlymynda gatnaşan gepleşiginde ýurdunyň nebit eksporty hakynda maglumat berdi.

1777147
Eýran Günde 1,2 Million Barrel Nebit Satuwyny Amala Aşyrýar

Jelili; “Nebit ministrimiz Jawad Uji 1,2 million barrel eksport edýändigimizi we ondan alynýan girdejimizi resmi taýdan beýan etdi” diýdi.

ABŞ-nyň 2018-nji ýylda ýadro ylalaşygyndan çekilip, resmi Tährana bir taraply sanksiýalar goýmaga başlamagyndan soň ykdysadyýete nebite esaslanýan Eýranyň nebit eksporty iňňän azalypdy.

Eýranyň Nebit ministrliginiň görkezijilerine görä ABŞ ýadro ylalaşygyndan çekilmezden ozal 2018-nji ýylyň aprelinde günde 3,8 million barrel çig nebit we kondensat öndürýän Eýran, şonuň 2,8 milliard barrelini eksport edýärdi.

Bu möhletde satmakda kynçylyk çeken nebit önümçiligini günde 2 million barrelden aşak düşüren Eýranyň eksport edýän nebit mukdary hem günlük ortaça 500 müň barrelden azdy.

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi 13-nji ýanwarda eden çykyşynda; “Hökümetimiz nebit eksportuny 40 göterim ýokarlandyrdy. Ondan alynýan girdeji hem ýurda gelýär” diýipdi.

 



Degişli Habarlar