Blinken Bilen Kuleba Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Entoni Blinken bilen Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1777379
Blinken Bilen Kuleba Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba, Russiýanyň Ukraina harby hüjüm guramak howpy barada pikir alyşdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen beýannamada, “Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Blinken telefon söhbetdeşliginde, Russiýanyň Ukraina hüjüm etmek howpuna garşy ABŞ-nyň resmi Kiýewe güýçli goldaw berýändigini ýene-de bir gezek nygtady” diýildi.

Blinkeniň, Russiýa Ukraina hüjüm eden halatynda Moskwanyň gysga wagtda agyr jerimesini çekjekdigine ünsi çekendigi bellenildi.



Degişli Habarlar