Wenada Geçirilýän Ýadro Gepleşikleriniň 8-nji Tapgyry Başlady

Gepleşiklere, 2018-nji ýylda bir taraply ýagdaýda ýadro ylalaşygyndan çekilen ABŞ-nyň wekili gatnaşmaýar.

1775845
Wenada Geçirilýän Ýadro Gepleşikleriniň 8-nji Tapgyry Başlady

Awstriýanyň paýtagty Wenada 10 aýdan bäri Eýran bilen gazanylan ýadro ylalaşygynyň doly ýerine ýetirilmegi üçin geçirilýän gepleşikleriň 8-nji tapgyry berlen gysga arakesmeden soň ýaňadandan başlady.

ÝB-niň Daşarky gatnaşyklar gullugynyň Baş sekretarynyň orunbasary Moranyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilýän gepleşiklere Russiýanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Britaniýanyň, Fransiýanyň we Eýranyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşýar.

Gepleşiklere, 2018-nji ýylda bir taraply ýagdaýda ýadro ylalaşygyndan çekilen ABŞ-nyň wekili gatnaşmaýar.

Eýran bilen ABŞ-nyň göniden gepleşik geçirmändigi sebäpli ÝB-niň Daşarky gatnaşyklar gullugynyň Baş sekretarynyň orunbasary Mora taraplara maglumat berýär.



Degişli Habarlar