ABŞ-da Blak Hawk Dik Uçary Uçarmansyz Uçuryldy

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň Ýokary goranyş taslamalaryny öwreniş gullugy (DARPA) bilen “Skorsky” firmasynyň bilelikdäki synaglarynyň çäginde ilkinji gezek “Skorsky” kysymly UH-60 Alfa modelindäki “Balak Hawk” dik uçary uçarmansyz uçuryldy.

1775756
ABŞ-da Blak Hawk Dik Uçary Uçarmansyz Uçuryldy

"Skorsky Innowasiýa" firmasynyň Direktory Igor Çerepinski internet ulgamy arkaly geçiren metbugat ýygnagynda UH-60 Alfa Blak Hawk dik uçarynyň 5-nji we 7-nji fewral günlerinde iki gezek uçarmansyz uçuş edendigini aýtdy.

Ozalky synaglarda dik uçarda ätiýaç uçarmanynyň bolandygyny beýan eden Çerepinski; “Dik uçarda 210 Swiç diýilýän bir açar bar. Oňa dik uçardaky adamlaryň sany ýazylýar. Oňa 0 diýip ýazdyk. Dik uçar Kentakidäki Fort Kempbellde 30 minudyň dowamynda uçarmansyz uçdy” diýdi.

Çerepinski ikinji uçuşyň bolsa birinjiden gysga dowam edendigini aýtdy.

Dik uçaryň uçmazdan ozalky barlaglaryny we uçuş tapgyryny özbaşdak tamamlandygyny aýdan Çerepinski, köp gatnawy we çylşyrymly ýerlerdäki şertlere jogap bermegi üçin simulasiýa arkaly dik uçara Nýu-Ýork şäherindäki köp gatly binalaryň arasynda uçýan ýaly giňişligiň teswir edilendigini nygtady.

Çerepinski dik uçaryň Menhattandaky köp gatly binalaryň arasynda howpsyz uçuşdan soň gonanandygyny mälim etdi.

DARPA bilen Skorskiniň  gymmaty 160 million dollarlyk taslamany ýylyň ahyryna çenli tamamlamagyna garaşylýar.

 



Degişli Habarlar