Gruziýa Ukraina Goldaw Berer

Gruziýanyň Mejlisi, Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda başdan geçirilýän dartgynlykda Ukraina goldaw berilmegi hakyndaky karar taslamasyny tassyklady.

1772030
Gruziýa Ukraina Goldaw Berer

Mejlisde geçirlen oturlyşykda, häkimiýetiň başndaky Gurji Hyýaly partiýasynyň halk deputatlary tarapyndan taýarlanan “Ukrainada söweş ähtimallygy hakyndaky karar” taslamasy sese goýuldy.

Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda başdan geçirilýän dartgynlykda Ukraina goldaw berilmegi hakyndaky karar taslamasy 74 halk deputatynyň sesi bilen kabul edildi.

Taslamada halkara jemgyýetçiliginiň Russiýa-Ukraina söweşiniň öňüniň alynmagy üçin herekete geçmelidigi nygtaldy.

Taslamada “Gruziýanyň Mejlisi, söweş ähtimallygyna garşy ukrainanyň halkyna goldaw berer.

Mejlis, Ukrainadaky söweş ähtimallygyna uly alada bildirýär we söweşiň  diňe Ukrainanyň  däl eýsem tutuşyň sebitiň howpsuzlygyna we parahatçylygyna täze bir wehim emele getirýän özygtyýarly döwletiň özygtyýarlylygyna hem-de territorial bitewiligine garşy ähli niýeti ýazgarýar” diýilýär.



Degişli Habarlar