ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken russiýaly kärdeşi Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1772001
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken russiýaly kärdeşi Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berilen ýazmaça beýanatda, telefon söhbetdeşliginiň resmi Waşingtonyň Russiýanyň howpsuzlyk tekliplerine berilen ýazmaça jogapdan soň amala aşyrylandygyna ünsler çekilip: "Blinken ABŞ-nyň hyzmatdaşlarymyz bilen doly koordinasiýa içinde, ikiçäk ýa-da hyzmatdaşlar bilen birlikde Russiýa bilen ikitaraplaýyn görnüşde howpsuzlyk aladalary babatynda pikir alyşmagy dowam etdirmek üçin isleglidigini belledi" diýip habar berildi. 

Blinkeniň Ukrainanyň özygtyýarlylygyna we territorial bütewiligine baglydygy bellenen beýanatda, ABŞ tarapynyň ähli ýurtlaryň öz daşary syýastlaryny we alýanslaryny kesitlemek hukugyna eýedigini belläp geçendigi aýan edildi. 

Beýanatda: "Blinken Russiýadan iň tiz wagtda dartgynlygy peseltmegini we Ukraina serhediniň golaýyndan harby güýçlerini we harby enjamlaryny yzyna çekmegini isledi. Ukrainanyň basylyp alynmagynyň çalt we düýpli netijeleriniň boljakdygyny belledi we Russiýa diplomatik ýoly saýlap almaga çagyrdy" diýip beýan edildi. 

Lawrow hem geçen telefon söhbetdeşligi bilen bagly beren beýanatynda, howpsuzlygyň başga döwletleriň howpsuzlygynyň hasabyna güýçlendirilmeli däldigini belläp: "ABŞ-nyň we NATO-nyň bu babatda aşa derejede oňaýsyz pozisiýa eýeleýändigini görýäris" diýip habar berdi. 

NATO agza käbir ýurtlaryň howpsuzlyklarynyň bölünmezligi bilen baglanşykly pozisiýalaryna alada bildirýändiklerini aýdan Lawrow: "Günbatarly kärdeşlerimiz Ýewropa-Atlantik sebitinde üstünde ylalaşylan halkara hukugyň esasy prinsiplerine äsgermezlik edýärler" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar