Eýranyň mejlisi işlerine arakesme berdi

Eýranyň mejlisindäki 47 deputatyň koronawirusa ýolukmagy sebäpli mejlisiň işlerine arakesme berildi

1771576
Eýranyň mejlisi işlerine arakesme berdi

Tasnim habarlar agentligi tarapyndan berilen habarlara görä, Eýranyň Mejlsiiniň başlyklyk wekiliýetiniň metbugat sekretary Nizam Musewi mesele bilen bagly beýanat berdi. 

Musewi: "47 deputatyň we mejlisiň 30 işgäriniň Kowid-19 testleri položitel çykdy. Şol sebäpli Mejlisiň başlyklyk wekiliýetiniň karary bilen mejlisiň işlerine arakesme berildi" diýip habar berdi. 

Kararyň Eýranyň Koronawirusa garşy göreş geňeşiniň beren maslahatyna laýyklykda kabul edilendigine ünsleri çeken Musewi, mejlisde baş geňeşiň maslahatlary bilen birlikde komissiýa maslahatlaryna hem arakesme berilendigini mälim etdi. 

Musewi işleriň haçan başlajakdygy barada maglumat bermedi, häzirki ýagdaýda sişenbe we çarşenbe günlerinde mejlise arakesme berilendigini aýan etdi. 

Eýranyň Saglygy goraýyş ministri Behram Aýnullahi, 27-nji ýanwrada beren beýanatynda, artan Kowid-19 wakalary sebäpli ýurtda epidemiýanyň 6-njy tolkunyna girilendigini habar beripdi. 


Etiketkalar: #arakesme , #mejlis , #Eýran

Degişli Habarlar