Britaniýanyň Premýer-Ministri Şu Gün Ukraina Sapar Gurar

Ukraina goldaw bermäge dowam edýän Britaniýa, Kiýewe antitank ýaraglaryny ugradypdy.

1771294
Britaniýanyň Premýer-Ministri Şu Gün Ukraina Sapar Gurar

Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson, Ukraina goldaw bermek maksady bilen şu gün Kiýewe gider

Britaniýanyň Premýer-ministrliginden berlen beýannama göra, Jonson şu gün Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen paýtagt Kiýewde duşuşar.

Boris Jonsonyň saparynyň çäginde, Britaniýanyň Ukraina 88 million sterlinlik maliýe goldawyny berjekdigini mälim etmegine garaşylýar.

Premýer-ministr Jonson saparynyň öňüsyrasynda beren beýannamasynda “Dost ýurt we demokratik hyzmatdaş hökmünde Britaniýa, Ukrainany ýok etmäge çalyşýanlara garşy Ukrainanyň bitewiligi goramaga dowam eder” diýdi.

Jonson, dartgynlygyň diplomatiýa arkaly çözülmegi we dökülýän ganyň azalmagy üçin Russiýa egilşik etmek we gepleşik geçirmek barada çagyryş berdi.

Ukraina goldaw bermäge dowam edýän Britaniýa, Kiýewe antitank ýaraglaryny ugradypdy.

 

 



Degişli Habarlar