Sergeý Lawrow we Entoni Blinken ertir telefon arkaly gürrüňdeş bolarlar

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň we ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň ertir özara telefon arkaly söhbetdeşlik geçirjekdikleri habar berildi

1771128
Sergeý Lawrow we Entoni Blinken ertir telefon arkaly gürrüňdeş bolarlar

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Lawrow bilen Blinkeniň arasynda 1-nji fewralda telefon arkaly söhbetdeşligiň geçiriljekdigini mälim etdi. 

Zaharowa iki ministriň arasynda häzirlikçe ýüzbe-ýüz duşuşygyň geçirilmeginiň meýilleşdirilmeýändigini beýan etdi. 

Lawrow we Blinken Ukraina meselesi babatynda başdan geçirilýän dartgynlyk sebäpli soňky gezek 21-nji ýanwarda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde özara duşuşyk geçiripdiler. 



Degişli Habarlar