ABŞ, Müsüre 2 Milliard 555 Million Dollarlyk Harby Enjam Satar

Karara laýyklykda, ABŞ, Müsüre 12 sany J-130Ž ýük uçary bilen uçaryň ätiýaçdaky şaýlaryny satar.

1768334
ABŞ, Müsüre 2 Milliard 555 Million Dollarlyk Harby Enjam Satar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy Müsüre 2,2 milliard dollarlyk J-130Ž kysymly ýük uçary bilen 355 million dollarlyk howa goranyş radarlary bolmak bilen jemi 2 milliard 555 million dollarlyk harby enjamyň satylmagyny tassyklady.

Mesele hakynda berlen ýazmaça beýannamada, “Döwlet sekretarlygy, Müsüre gymmaty 2,2 milliard dollar bolan J-130Ž kysymly Herkül ýük uçarynyň satylmagyny tassyklady” diýildi.

Karara laýyklykda, ABŞ, Müsüre 12 sany J-130Ž ýük uçary bilen uçaryň ätiýaçdaky şaýlaryny satar.

Mesele hakynda berlen ikinji beýannamada bolsa Müsüre 355 million dollarlyk howa goranyş radar ulgamlarynyň satylmagynyň tassyklanandygy bellenildi.


Etiketkalar: #harby enjam , #Müsür , #ABŞ

Degişli Habarlar