Tongada ýogalanlaryň sany 6 adama ýetdi

Ýuwaş okeanynda wulkanyň partlan ada ýurdy bolan Tongada ýogalanlaryň sany 6 adama ýetdi

1766995
Tongada ýogalanlaryň sany 6 adama ýetdi

Hytaýyň Global telewideniýe torunyň berýän habaryna görä, resmiler Tongada 15-nji ýanwarda başdan geçirilen wulkan partlamasynda we ondan soň bolan sunamiden soň ýene-de 3 adamyň jesediniň tapylmagy bilen ýogalanlaryň sany 6 adama ýetdi. 

Ýuwaş okeanynda takmynan 170 adadan ybarat bolan Tonganyň paýtagty Nukualofanyň 65 km demirgazygyndaky wulkan, 15-nji ýanwarda partlamaga başlady. 

Partlamadan soň Tonga, Täze Zelandiýa, ABŞ, Kanada, Çili we Ýaponiýa ýaly ýurtlar üçin sunami duýduryşy berildi, sunami Tonga döwletiniň ähli adalaryna täsir ýetirdi. 


Etiketkalar: #sunami , #wulkan , #Tonga

Degişli Habarlar