Ispaniýa Garadeňize 2 Harby Gämi Ugradar

Iki ispan harby gämisi NATO-nyň çäginde Garadeňizde iş alyp barar

1766149
Ispaniýa Garadeňize 2 Harby Gämi Ugradar

Ispraniýanyň Goranmak ministri Margarita Robles, NATO-nyň çäginde Garadeňize 2 harby gämi ugratjakdyklaryny aýtdy.

Ministr Robles, 3-4 günüň dowamynda NATO-nyň çäginde Ispaniýanyň Blas de Lezo we Meteoro atly iki harby gämisini Garadeňize ugratjakdygyny belledi.

Iki ispan harby gämisiniň NATO-nyň çäginde Garadeňizde iş alyp barjakdygyny aýan Robles, Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky dartgynlygyň gepleşik arkaly çözülmegi üçin henizem uly pursadyň bardygyny, eger şeýle bolman halatynda NATO-nyň pozisiýasynyň bellidigini nygtady.

Ispaniýanyň Goranmak ministri, “Russiýa hiçbir ýurda näme etmelidigini aýdyp bilmez we NATO gurama agza bolmak isleýän ýurtlary goramaga dowam eder” diýdi.



Degişli Habarlar