ABŞ: "Russiýa Ukraina hüjüm edip biler" diýdi

ABŞ-da Ak Tamyň Metbugat geňeşçisi Jennifer Psaki: "Russiýanyň islendik pursat Ukraina hüjüm edip biljek tapgyrdadyrys" diýip aýan etdi

1764821
ABŞ: "Russiýa Ukraina hüjüm edip biler" diýdi

Ak Tamyň Metbugat geňeşçisi Jennifer Psaki geçiren metbugat ýygnagynda, Ukraina bilen Russiýanyň arasynda başdan geçirilýän dartgynlygyň üstünde durup geçdi. 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň Ukraina we Germaniýa sapar gurajakdygyny ýatladan Psaki, Blinkeniň Ukraina-Russiýa dartgynlygyny azaltmak üçin gepleşikler geçirjekdigini habar berdi. 

Psaki, Blinken bilen we Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda düýn geçen telefon söhbetdeşliginde, Ženewada duşuşyk geçirmek babatynda ylalaşyk gazanandyklaryny we Blinkeniň şol duşuşykda Russiýa dartgynlygy azaltmak babatynda duýduryş berjekdigini mälim etdi. 

Ukraina-Russiýa dartgynlygynyň jogapkäriniň serhede on müňlerçe esger üýşüren Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putindigini aýdan Psaki: "Açyk ýagdaýda aýtmak isleýärin, ýagdaý häzirki wagtda örän howply. Russiýanyň islendik pursat Ukraina hüjüm edip biljek tapgyrdadyrys. Blinken Ženewadaky duşuşykda bu babatda diplomatik ýoluň bardygyny açyk ýagdaýda belläp geçer. Ukrainany basyp almagyň agyr ykdysady netijelerini öz üstlerine alyp-almazlyklary Putine we ruslara bagly" diýip belledi. 

Psaki, Russiýanyň Ukraina hüjüm eden halatynda ähli saýlamlaryň stollaryndadyklaryny belläp, ykdysady sanksiýalar babatynda ýewropaly hyzmatdaşlary bilen ýakyn aragatnaşyk içindediklerini beýan etdi. 



Degişli Habarlar