Russiýa: "ABŞ we NATO bilen geçirilýän gepleşiklerde düşünişmezçilikler bar"

Russiýa ABŞ we NATO bilen geçirilýän gepleşiklerde esasy ugurlar boýunça düşünişmezçilikleriň bardygyny belledi

1762307
Russiýa: "ABŞ we NATO bilen geçirilýän gepleşiklerde düşünişmezçilikler bar"

Russiýanyň hökümetiniň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Russiýa bilen NATO-nyň arasynda howpsuzlyk kepillikleri bilen bagly geçirilýän gepleşikler barada metbugat işgärlerine beýanat berdi. 

NATO-nyň Russiýa öz serhetleriniň çäginde goşunyny nähili we nirä hereket etdirjekdigini diktowka etmeginiň mümkin däldigini aýdan Peskow: "Russiýanyň Ýaragly güýçleri başga ýurtlaryň territoriýasynda hereket etmeýär" diýdi. 

Peskow NATO-nyň giňelmek howpunyň dowam edýändigini belläp: "ABŞ-nyň resmileriniň NATO täze agzalary, ýagny Finlýandiýany we Şwesiýany çagyryp beren beýanatlaryny eşidýäris. NATO agza käbir ýurtlardan, ýagny Pribaltika ýurtlaryndan territoriýasyndaky esgerleriniň sanynyň artdyrylmagyny talap edýän beýanatlaryny eşidýäris. Ähli bu zatlar başdan geçirilýärkä, dartgynlygy azaltmak üçin nämä zerurlygymyz bar?" diýip belledi. 

Russiýanyň ABŞ we NATO bilen Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde we Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde howpsuzlyk kepillikleri bilen bagly geçirilýän gepleşiklerde esasy ugurlar boýunça düşünişmezçilikleriň bardygyny aýdan Peskow: "Gepleşikler anyk meselelere konkret jogaplar almak üçin başladyldy. Şol esasy meselelerde düşünişmezçilikler bar. Bu bolsa erbet. Bu geçirilen iki tapgyr üçin diňe minus hökmünde hasap edilip biliner" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #ABŞ , #NATO , #Russiýa

Degişli Habarlar