ÝB Moldowa 150 Million Ýewrolyk Kömek Berer

ÝB Kowid-19 pandemiýasy we emergetika çökgünligi sebäpli ykdysady kynçylyklar çekýän Moldowa 150 million ýewrolyk maliýe kömegini berer

1757009
ÝB Moldowa 150 Million Ýewrolyk Kömek Berer

ÝB Komissiýasy Moldowanyň islegine laýyklykda ýurda täze makro maliýe goldaw bukjasyny taýarlanandygyny beýan etdi.

Beýannamada Moldowanyň pandemiýa, energetika çökgünligi we tölegler balansy meseleleri sebäpli agyr günleri başdan geçirýändigi ýatladylýar.

ÝB-niň Moldowa 30 million ýewro kömek bilen 120 million orta möhletli we amatly şertlerde karz berjekdigine üns çekilýän beýannamada, Moldowanyň galplyga we dolanşyk meselelerine garşy netijeli göreşmelidigi nygtalýar.

Beýannamada şol maliýe kömegiň güýje girmegi üçin bu tapgyrdan soň Ýewropa Parlamentinde we ÝB Geňeşinde tassyklanmalydygy habar berilýär.



Degişli Habarlar