Sudanda magdan käniniň çökmegi netijesinde 38 adam ýogaldy
Foja sebitinde adaty guýy usuly bilen altyn çykarylýan Umm Drisai magdan käni çökdi

Sudan döwletiniň Günbatar Kurdufan welaýatynda altyn gazylyp alynýan magdan käniniň çökmegi netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 38 adam ýogaldy.
Ýurdyň Milli metbugatynda berilen habarlara görä, welaýatyň demirgazygyndaky Foja sebitinde adaty guýy usuly bilen altyn çykarylýan Umm Drisai magdan käni çökdi.
Çöken magdan käninden ýogalan 31 adamyň jesedi çykaryldy, 1 adam ýaraly ýagdaý halas boldy, 8 adam bolsa entegem magdan käniniň aşagyndadygy habar berildi.
Degişli Habarlar

Owganystanda Mekdebe Granat Atyldy
Hüjümde iki okuwçynyň ýogalandygyny aýdan Halimi, 4 okuwçynyň hem ýaralanandygyny aýtdy.

Russiýada Amerikaly Žurnalist Tussag Edildi
Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa habar berdi.