Russiýada pandemiýa hassahanasynda ýüze çykan ýangynda iki adam ýogaldy

Russiýada koronawirusa ýolugan adamlaryň bejergi alýan hassahanasynda ýüze çykan ýangynda 2 adam ýogaldy

1752285
Russiýada pandemiýa hassahanasynda ýüze çykan ýangynda iki adam ýogaldy

Russiýanyň Astrahan şäherinde Kowid-19-a ýolugan adamlaryň bejergi alýan hassahanaynda ýangyn ýüze çykdy. 

Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligine degişli takmynan 100 işgär we 40-a golaý ýangyn sönüdirji we tiz kömek gullugynyň işgäri, pandemiýa hassahanasynyň agyr keselliler bölüminde ýüze çykan ýangyn sebäpli hassahana gönükdirildi. 

Ýangyn söndürijiler ýangyny söndürmek üçin işe girişen bolsa, 18 hassa we hassahananyň 16 işgäri edilen tagallalaryň netijesinde halas edildi. 

Emma, hassahananyň agyr keselliler bölüminde ýatan 2 adam halas edilip ýetişilmedi. 

Ýangynyň näme sebäpli ýüze çykandygy entek anyklanmady, waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy. 



Degişli Habarlar