ÝB Russiýa Sanksiýa Goýmaga Taýýar

Leýen iýun aýyndan bäri Russiýanyň Ukraina garşy agressiw pozisiýa eýelän halatynda nämeleriň ediljekdigini seljerýändiklerini aýtdy.

1747976
ÝB Russiýa Sanksiýa Goýmaga Taýýar

ÝB Komissiýasynyň Başlygy Ursula won der Leýen iýun aýyndan bäri Russiýanyň Ukraina garşy agressiw pozisiýa eýelän halatynda nämeleriň ediljekdigini seljerýändiklerini aýtdy.

Leýen Ýewropa Parlamentiniň Fransiýanyň Strazburg şäherindäki Sessiýasynda çykyş etdi.

ÝB-niň ertirki sammitinde garaljak meseleler hakynda durup geçen won der Leýen; “Russiýany Ukraina garşy agressiw aksiýalarynyň agyr netijesi bolar. İýun aýynda ÝB geňşi bize alternatiw taýarlamagymyz üçin tabşyryk berdi. Şondan bäri ABŞ we beýleki hyzmatdaşlar bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edip, bularyň üstünde işleýäris. Biz taýýar” diýdi.

Won der Leýen: “Häzirki sanksiýalar giňeldilip we çuňlaşdyrlyp bilner. Biz elbetde  Russiýa üçin agyr netijeleri bolan, deňi taýy görülmedik goşmaça çäreleri görmäge taýýar. Emma iň esasysy Russiýany dartgynlygy azaltmaga, diplomatiýany saýlap almaga we halkara wadalarynda durmaga çagyrýaryn” diýdi.

 



Degişli Habarlar