Ysraýylyň Premýer Ministri Karantina Alyndy

Ysraýylyň taryhynda düýn ilkinji gezek Birleşen Arap Emirliklerine Premýer ministr derejesinde sapar guraldy.

1747392
Ysraýylyň Premýer Ministri Karantina Alyndy

Ysraýylyň Premýer ministri Naftali Bennet, Birleşen Arap Emirliklerine guran saparynyň çäginde özüne ýoldaşlyk eden resmi wekiliýetindäki 1 adama koronawirusyň ýokaşandygy sebäpli karantina alyndy.

Mesele hakynda berlen ýazmaça beýannamada, Bennet bilen birlikde Birleşen Arap Emirlikerinde saparda bolan wekiliýetiň ähli agzalarynyň karantina alynandygy nygtaldy.

Resmi wekiliýetiň ertir PJR testinden geçjekdikleri bellenildi.

Ysraýylyň taryhynda düýn ilkinji gezek Birleşen Arap Emirliklerine Premýer ministr derejesinde sapar guraldy.

 Ysraýylyň Premýer ministri Naftali Bennet saparynyň çäginde Abu Dabiniň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Zaýed Al Nahýan bilen duşuşypdy.

Ysraýyl bilen Birleşen Arap Emirlikleri 2020-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda ABŞ-da Ak Tamda geçirlen dabarada özara gatnaşyklaryň pugtalanmagy üçin şertnama baglaşypdy.



Degişli Habarlar