Yrak 3,5 Müň Raýatyny Belarusdan Yzyna Getirdi

Yragyň Daşary işler ministrligi 3,556 raýatyň Belarusdan yzyna getirilendigini beýan etdi

1746484
Yrak 3,5 Müň Raýatyny Belarusdan Yzyna Getirdi

Yragyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Ahmet Sahhaf; “Häzirki wagta çenli 3,556 adamy Belarusdan Yraga getirdik. Pasportlaryny ýitiren 383 raýat üçin wagtlaýyn pasport çykardyk” diýdi.

Sahhaf 3 gün ozal beren beýanatynda-da Belarusdan 417 yraklynyň ýurda getirilendigini aýdypdy.

Yrakdaky ýaramaz ýaşaýyş şertleri sebäpli ençeme adam aşretli durmuşda ýaşama arzuwy bilen tomus aýlaryndan bäri Ýewropa gitmek üçin Belarusyň serhetlerinde agyr şertlerde garaşýarlar.



Degişli Habarlar