Peruda harby dikuçar heläkçilige uçrady

Günorta Amerika materiginde ýerleşýän Peru döwletinde harby dikuçaryň ýere gaçmagy netijesinde 5 esger ýogaldy

1744963
Peruda harby dikuçar heläkçilige uçrady

Perunyň Harby-howa güýçlerinden berilen beýanatda, ýurdyň paýtagty Lima şäherine degişli Horhe Çawes halkara howa menzilinden Pukallpa şäherine gitmek maksady bilen ýola çykan MI-171SH kysymly dikuçaryň Huaroçiri welaýatynyň çäklerine gaçandygy mälim edildi.

Sputnik tarapyndan berilen habarda wakanyň bolan mahaly dikuçaryň içinde 5 adamyň bolandygy we adamlaryň 5-siniň hem ýogalandygy aýan edildi.

Wakanyň näme sebäpli bolandygy derňelýär.


Etiketkalar: #heläkçilik , #dikuçar , #Peru

Degişli Habarlar