Peskow: "Erdogan sebitleýin we halkara meselelerde ençeme ugur taýdan uly täsire eýe" diýdi

Dmitriý Peskow Prezident Erdoganyň Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda araçylyk edip biljekdigi bilen bagly beýanatynyň üstünde durup geçdi

1741561
Peskow: "Erdogan sebitleýin we halkara meselelerde ençeme ugur taýdan uly täsire eýe" diýdi

Russiýanyň hökümetiniň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow, paýtagt Moskwa şäherinde metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Prezident Erdoganyň Türkiýäniň sebitde parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin Russiýanyň bilen Ukrainanyň arasynda araçylyk edip biljekdigi bilen bagly beýanatynyň üstünde durup geçip: "Erdogan sebitleýin we halkara meselelerde ençeme ugur taýdan uly täsire eýe. Eger Hormatly Erdogan şol täsirini Kiýewiň üstünde Minsk ylalaşyklarynyň, Parižde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda ulanyp bilse, Russiýa ony uly hoşallyk bilen kabul eder" diýip habar berdi. 

Russiýanyň Ukraina krizisinde taraplaryň biri bolmandygyny öňe süren Peskow, Ukrainadaky çaknyşyklaryň içerki söweşdigini öňe sürdi. 



Degişli Habarlar