Amerikaly diplomatlar Russiýany terk ederler

Zaharowa, paýtagt Moskwa şäherinde metbugat ýygnagyny geçirdi

1741508
Amerikaly diplomatlar Russiýany terk ederler

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa, 3 ýyldan gowrak wagt bäri Moskwada işleýän amerikaly dipolmatlaryň ýurdy 2022-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli terk etmekleriniň gerekdigini beýan etdi. 

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa, paýtagt Moskwa şäherinde geçiren metbugat ýygnagynda, ABŞ-nyň hökümetiniň rus dilpmatlara wiza berilmeginde kynçylyklary ýüze çykarmagyny tankyt etdi. 

Ady agzalan kynçylyklar sebäpli garşy tarapa jogap bermek babatynda karar kabul edendiklerini aýdan Zaharowa: "3 ýyldan gowrak wagt bäri Moskwada işleýän amerikaly dipolmatlar ýurdy 2022-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli terk etmekleri gerek" diýip beýan etdi. 

Zaharowa Russiýanyň bular ýaly karar kabul etmezlik üçin köp wagtlap çalyşandygyny belläp: "Munyň biziň islegimiz bolmandygyny nygtap geçmek isleýärin. Amerikaly hyzmatdaşlarymyz bize bu görnüşli oýuny mejbur etdi. Meselä konstruktiw çözgüt tapmak üçin uzak wagtlap üstünde işledik, emma bu ýoly olaryň özleri saýlady" diýip aýan etdi. 

Russiýanyň Waşington şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Anatoliý Antonow, 27-nji noýabrda beren beýanatynda 27 rus diplomatyň maşgalalary bilen baglanşykly wiza meseleleri sebäpli dekabr aýynda ABŞ-ny terk etjekdigini mälim etdi. 


Etiketkalar: #diplomat , #ABŞ , #Russiýa

Degişli Habarlar