Panamada 3 Tonnadan Gowrak Kokain Ele Geçirildi

Panamada üstümizdäki ýylyň başyndan bäri geçirlen barlaglarda 98,6 tonna neşe maddasy ele geçirildi.

1737609
Panamada 3 Tonnadan Gowrak Kokain Ele Geçirildi

Panamada, Ýewropa we Afrika ýurtlaryna gitmek üçin konteýnerlere ýüklenen 3 tonna 267 kilogram kokain ele geçirildi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Panamanyň howpsyzlyk güýçleri Panama kanalynyň girelgesinde iki konteýnerde neşe maddalarynyň bardygyny anyklady.

Ýolbaşçylar geçirlen barlaglarda Ýewropa we Afrika ýurtlaryna ugradylmak islenen 3 tonna 267 kilogram kokainiň ele geçirlendigini mälim etdi.

Waka hakynda giň gerimli derňew işiniň gozgalandygy nygtaldy.

Neşe maddalarynyň tranzit ýurdy hökmünde ulanylýan Panamada üstümizdäki ýylyň başyndan bäri geçirlen barlaglarda 98,6 tonna neşe maddasy ele geçirildi.

Geçen ýyl Panamada jemi 84,87 tonna neşe maddasy ele geçirlipdi.



Degişli Habarlar