Eýranda Bolan Ýer Titremesinde 2 Adam Ýogaldy

Keşm etrabynda düýn günortadan soň yzly yzyna 6,4 we 6,3 bal ululygynda iki ýer titremesi bolupdy.

1733775
Eýranda Bolan Ýer Titremesinde 2 Adam Ýogaldy

Eýranyň günortasynda Hürmüzgan welaýatynda bolan 6,4 bal ululygyndaky ýer titremesinde 2 adam ýogaldy.

Eýranyň döwlet teleýaýlymynyň berýen habarynda,  Pars aýlagynyň kenarynda ýerleşýän welaýatda günortadan soň yzly-yzyna bolan iki ýer titremesinden soň sunami howpynyň bolmandygy nygtaldy.

Golaýdaky welaýatlarda we goňşy ýurtlarda hem täsirli bolan ýer titremesi sebäpli köp sanly ýaşaýyş jaýyna zeper ýetirildi.

Ýer titremesinde 2 adamyň ýogalandygy, 17 adamyň ýaralanandygy nygtaldy.

Prezident İbrahim Reisi orunbasary Muhammed Muhbire ýer titremesiniň başdan geçirlen welaýatyna gitmegi üçin görkezme berdi.

Keşm etrabynda düýn günortadan soň yzly yzyna 6,4 we 6,3 bal ululygynda iki ýer titremesi bolupdy.



Degişli Habarlar