Donbassda bir ukrain esger ýogaldy

Ukrainanyň gündogaryndaky Donbass sebitinde Russiýanyň tarapdary bolan separatist toparlaryň od açmagy netijesinde 1 ukrain esger ýogaldy, 2 esger bolsa ýaralandy

1730616
Donbassda bir ukrain esger ýogaldy

Ukrainanyň Ýaragly güýçlerinden berilen beýanatda, Russiýanyň tarapdary bolan separatist toparlaryň od açyp 8 aýry gezek düzgün bozandygy mälim edildi. 

Russiýanyň tarapdary bolan separatist toparlaryň Donbassyň Pawlopil, Gnutowe, Wodýane, Nowozwaniwka we Piski sebitlerinde od açyp, düzgün bozandygy aýan edilen beýanatda, hüjümleriň netijesinde 1 ukrain esgeriň ýogalandygy, 2 esgeriň bolsa ýaralanandygy habar berildi. 



Degişli Habarlar