Katolikleriň Ruhany Lideri Papa, Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas Bilen Duşuşdy

Papa bilen Abbasyň Watikanda bolan duşuşygy içgin ýagdaýda geçdi.

1729962
Katolikleriň Ruhany Lideri Papa, Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas Bilen Duşuşdy

Katolikleriň ruhany lideri we Watikanyň döwlet Ýolbaşçysy Papa Fransisk, Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas bilen duşuşdy.

Watikan tarapyndan berlen beýannama görä, Papa bilen Abbasyň Watikanda bolan duşuşygy içgin ýagdaýda geçdi.

Duşuşykda İýerusalimiň statusy bilen birlikde Watikan bilen Palestinanyň arasyndaky özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki lideriň duşuşygynda dürli ynançlara eýe bolan halklaryň jebislikde ýaşamagy üçin höweslendirilmelidigi nygtaldy.

Papa bilen Abbasyň duşuşykda parahatçylyk üçin tagalla edilmegine, ýaragyň ulanylmazlygyna we dartgynlyga sebäp bolup biljek hereketlerden gaça durulmagyna ünsi çekendigi bellenildi.


Etiketkalar: #Mahmud Abbas , #Watikan , #Papa

Degişli Habarlar