Britaniýa Kovid-19 Dermanynyň Ulanylmagyny Tassyklady

Britaniýa sanjymdan soň koronawirusyň dermanynyň ulanylmagyny tassyklan ilkinji ýurt boldy.

1729484
Britaniýa Kovid-19 Dermanynyň Ulanylmagyny Tassyklady

Britaniýa, Amerikan derman firmasy Merck tarapyndan täze görnüş koronawirusa garşy öndürlen Kovid-19 dermanynyň ulanylmagyny tassyklady.

Britaniýanyň Derman senagaty gullugy MHRA,  Merck firmasynyň Molnupirawir dermanynyň ulanylmagyny tassyklady.

Şeýlelikde Britaniýa sanjymdan soň koronawirusyň dermanynyň ulanylmagyny tassyklan ilkinji ýurt boldy.

Amerikan “Waşington Post” gazetiniň habaryna görä, Merck firmasynyň başlygy Robert Dewis “Molnupirawiriň dünýäniň çar tarapyndaky hassalara gysga wagtda ýetirilmegi üçin tagalla ederis” diýdi.

Britaniýada Lagewrio hökmünde atlandyryljak dermanyň koronawirusa ýolukmak howpy ýokary bolanlar üçin ölüm ýada hassalygy agyr geçirmek howpyny azaldýandygy anyklanypdy.



Degişli Habarlar