Pakistanda ýolagçy awtobus jülgäniň içine gaçdy

Wakada 23 adam ýogaldy

1728714
Pakistanda ýolagçy awtobus jülgäniň içine gaçdy

Pakistanyň Azat Jammu Kaşmir sebitinde ýolagçy awtobusynyň jülgäniň içine gaçmagy netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 23 adam ýogaldy. 

Ýerli metbugatda berilen habarlara görä, düzüminde 30-dan gowrak ýolagçysy bolan awtobus Azat Jammu Kaşmir sebitinden Rawalpindi şäherine gitmek maksady bilen ýola çykanyndan soň Pallandri diýilýän ýerde entek bilinmeýän sebäbe görä jülgäniň içine gaçdy. 

Awtobus heläkçiliginde ilkinji kesgitlemelere görä 23 adam ýogaldy. 

Sebitde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär. 



Degişli Habarlar