Nangarharda Soňky 24 Sagatda Guralan Hüjümlerde 6 Adam Ýogaldy

Şäherde guralan 3 hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAEŞ öz üstüne aldy.

1728912
Nangarharda Soňky 24 Sagatda Guralan Hüjümlerde 6 Adam Ýogaldy

Owganystanyň gündogarynda ýerleşýän Nangarhar welaýatynda soňky 24 sagatda guralan bombaly we ýaragly hüjümlerde 6 adam ýogaldy.

Ýolbaşçylar düýn günortadan soň Nangarharyň Adei Kabul we Gümrük etrapçalarynda guralan ýaragly hüjümlerde 2 adamyň ýogalandygyny mälim etdi.

Ýolbaşçylar düýn agşamara şäher merkezinde guralan hüjümde hem 1 adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Nangarharda şu gün günortadan soň Talibanyň ulagyna goýlan bombaly hüjümde bolsa 3 adamyň ýogalandygy, 2 adamyň ýaralanandygy nygtalýar.

Şäherde guralan 3 hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAEŞ öz üstüne aldy.



Degişli Habarlar