Nigeriýada gurluşygy dowam edýän bina çökdi

Nigeriýanyň söwda paýtagty Lagos şäherinde gurluşygy dowam edýän 21 gatly binanyň çökmegi netijesinde 3 adam ýogaldy

1728008
Nigeriýada gurluşygy dowam edýän bina çökdi

Lagos şäheriniň Içeri işler edarasynyň müdüri Hakeem Odumosu, şäheriň Ikoýi etrabynda gurluşygy dowam edýän 21 gatly binanyň çökmeginden soň gözleg we halas ediş işleriniň başladylandygyny mälim etdi.

Odumosu, häzirki wagta çenli 3 adamyň jesediniň tapylandygyny, 3 adamyň bolsa harabalyklaryň aşagyndan ýaraly ýagdaýda çykarylandygyny habar berdi.

Ýaralanan adamlaryň hassahana alynyp gidilendigini aýdan Odumosu, gözleg we halas ediş işleriniň bolsa dowam edýändigini aýan etdi.

Odumosu, harabalyklaryň aşagynda onlarça adamyň bardygyny çak edýändiklerini beýan etdi.



Degişli Habarlar