G-20-ä Agza Ýurtlaryň Liderleri Rimde Duşuşar

G-20-niň liderler maslahatynda Türkiýä Prezident Erdogan ýolbaşçylyk eder

1725725
G-20-ä Agza Ýurtlaryň Liderleri Rimde Duşuşar

G-20-ä agza ýurtlaryň liderleri täze görnüş koronawirus epidemiýasy döwründe ilkinji maslahatyny Italiýanyň paýtagty Rimde geçirer.

G-20-niň döwürleýin ýolbaşçylygyny 2020-njy ýylyň 1-nji dekabrynda Saud Arabystanyndan öz üstüne alan İtaliýa, 1 ýyllyk döwürleýin ýolbaşçylygyny Rimde oktýabr aýynyň 30-31-i aralygynda geçiriljek liderler maslahaty bilen tamamlar.

G-20-niň döwürleýin ýolbaşçylygyny Indoneziýa Italiýadan kabul edip alar.

G-20-niň liderler maslahatynda Türkiýä Prezident R. T. Erdogan ýolbaşçylyk eder.

Maslahata Prezident Erdogan, Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson we Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen birlikde birnäçe ýurduň döwlet we hökümet baştutany gatnaşar.

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel soňky gezek G-20-niň liderler maslahatyna gatnaşar.

Maslahata Türkiýäniň, ABŞ-nyň, Britaniýanyň, Russiýanyň, Ýaponiýanyň, Kanadanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Awstraliýanyň, Braziliýanyň, Argentinanyň, Hindistanyň, Hytaýyň, Indoneziýanyň, Meksikanyň, Saud Arabystanynyň, Günorta Afrikanyň, Günorta Koreýanyň we ÝB-niň liderleri bilen birlikde Halkara pul gaznasy, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy, Bütindünýä banky, Bütindünýä söwda guramasy we BMG ýaly halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşar.



Degişli Habarlar