Nigeriýada Metjide Guralan Hüjümde 18 Adam Ýogaldy

Motosikletli ýaragly adamlar Maza-Kuka etrapçasynda namaz okamak üçin metjide gelen jemagata ot açdy.

1724935
Nigeriýada Metjide Guralan Hüjümde 18 Adam Ýogaldy

Nigeriýada metjide guralan ýaragly hüjümde 18 adam ýogaldy.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, motosikletli ýaragly adamlar Maza-Kuka etrapçasynda namaz okamak üçin metjide gelen jemagata ot açdy.

Hüjümde 18 adam ýogaldy, köp sanly adam ýaralandy.

Howpsyzlyk güýçlerinden berlen beýannamada hüjümde 7 adamyň zamun alynandygy we metjidiň golaýyndaky ýaşaýyş jaýlaryna zeper ýetirlendigi nygtaldy.

Beýannamada 1 hüjümçiniň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi bellenildi.

Ýurtda soňky döwürde ýaragly adamlaryň motosikletler bilen guraýan hüjümleri sebäpli käbir ýerlerde motosiklediň ulanylmagy gadagan edilipdi.



Degişli Habarlar