ABŞ-da Millionlarça Doza Kovid-19 Sanjymy Zir-Zibile Atyldy

ABŞ-da mart we sentýabr aýlarynyň aralygynda 15 million doza Kovid-19 sanjymy zir-zibile atyldy.

1720914
ABŞ-da Millionlarça Doza Kovid-19 Sanjymy Zir-Zibile Atyldy

 

ABŞ-da ulanylmadyk millionlarça doza Kovid-19 sanjymynyň zir-zibile atylandygy ýüze çykdy.

ABŞ-nyň Hassalyklara garşy göreş we öňüni alyş merkezine görä, ýurtda mart we sentýabr aýlarynyň aralygynda 15 million doza Kovid-19 sanjymy zir-zibile atyldy.

Başga bir barlagda hem dekabr-iýun aýlarynyň aralygynda 1 million doza sanjymyň zir zibile atylandygy anyklandy.

Sanjym etdirmek üçin ýüz tutanlaryň wagtynda hassahanalara gitmändikleri sebäpli Kovid-19 sanjymlarynyň zir-zibile atylýandygy bellenildi.

Ştatlara paýlanan sanjymlar, howpsyzlyk sebäpli başga ýurtlara hem berlip bilinmeýär.

ABŞ-da sanjymlar zir-zibile atylýarka dünýäde millionlarça adam sanjym ýetmezçiligi sebäpli heniz birinzi doza sanjymyny hem etdirip bilmedi.


Etiketkalar: #sanjym , #Kovid-19 , #ABŞ

Degişli Habarlar