Ýaponiýa, Russiýa Bilen Parahatçylyk Gepleşiklerini Dowam Etdirmek Isleýär

Kişida, Kuril sebitinde ýerleşýän Russiýanyň gözegçiligi astyndaky 4 adanyň statusy meselesini çözmäge çalyşjakdygyny ýatlatdy

1716757
Ýaponiýa, Russiýa Bilen Parahatçylyk Gepleşiklerini Dowam Etdirmek Isleýär

Ýaponiýa, Russiýa bilen parahatçylyk gepleşikleriniň dowam etdirilmegi meselesinde ylalaşyk gazanandyklaryny mälim etdi.

Täze wezipesine başlamagyndan soň Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen ilkinji gezek geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginden soň metbugata beýannama beren Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kişida Fumio, Putin bilen özara gatnaşyklar we sebitara meseleler hakynda pikir alyşandygyny aýtdy.

Putin bilen II jahan urşundan soň iki ýurduň arasynda başladylan parahatçylyk gepleşikleriniň dowam etdirilmegi meselesinde ylalaşyk gazanandyklaryny nygtan Kişida, Hokkaidonyň demirgazyk gündogarynda Kuril sebitinde ýerleşýän Russiýanyň gözegçiligi astyndaky 4 adanyň statusy meselesini çözmäge çalyşjakdygyny ýatlatdy.

Ýaponiýa-Russiýa gatnaşyklaryny ösdürmek isleýändiklerini nygtan Kişida, Putiniň hem birnäçe ugur boýunça gepleşikleriň dowam etdirilmegini isleýändigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar