MRG-nyň daşary ýurtlardaky onlarça maglumatçysynyň ele salynandygy mälim boldy

Amerikan New York Times gazedi, razwedka gullugynyň resmileriniň geçen hepde Merkezi Razwedka gullugynyň daşary ýurtlardaky beketlerine ugradan maglumat belligini çap etdi

1715356
MRG-nyň daşary ýurtlardaky onlarça maglumatçysynyň ele salynandygy mälim boldy

ABŞ-nyň Merkezi Razwedka gullugynyň Russiýa, Hytaý, Eýran we Pakistan ýaly ýurtlar başda bolmak bilen daşary ýurtlarda iş alyp barýan onlarça maglumatçylarynyň (informator) soňky ýyllarda tussag edilendigi, öldürilendigi we ikitaraplaýyn häsýetde işletdirilýändigi ýüze çykdy. 

Amerikan New York Times gazedi, razwedka gullugynyň resmileriniň geçen hepde Merkezi Razwedka gullugynyň daşary ýurtlardaky beketlerine ugradan maglumat belligini çap etdi. 

Mesele bilen bagly gazetde berilen habarda, maglumat belliginde soňky birnäçe ýylda öldürilen, tussag edilen ýa-da uly ähtimallykda ikitaraplaýyn häsýetde işletdirilýän onlarça daşary ýurt maglumatçylaryň anyklanandygy bellenendigi öňe sürüldi. 

Maglumat belliginde, Russiýa, Hytaý, Eýran we Pakistan ýaly ýurtlaryň ABŞ-nyň Merkezi Razwedka gullugynyň maglumatçylaryny yzarlaýandygy we käbirlerini bolsa ikitaraplaýyn häsýetde işletdirýändigi öňe sürülup, edaranyň işe alan mahaly maglumatçylara çalt ynanýandygy, daşary ýurtlaryň razwedka gulluklaryna kembaha berilmegi we işe kabul etmekde gyssagly hereket edilýändigi öňe sürüldi. 



Degişli Habarlar