Taýwan: "Hytaýa degişli ýene-de 4 harby uçar howa giňişligimize girdi" diýdi

Taýwanyň Goranmak ministrligi Twitter hasabyndan beýanat berdi

1714898
Taýwan: "Hytaýa degişli ýene-de 4 harby uçar howa giňişligimize girdi" diýdi

Hytaý Halk Respublikasyna degişli 52 sany harby uçaryň düýn Taýwanyň howa giňişligine girmeginden soň, düýn gije ýene-de 4 uçaryň Taýwanyň howa giňişligine girendigi mälim edildi. 

Taýwanyň Goranmak ministrligi, resmi Twitter hasabyndan beren beýanatynda ýene-de 4 sany J-16 harby uçaryň düýn gije howa goranyş giňişliginiň günorta-günbatar bölegine girendigini habar berdi. 

Beýanatda, uçarlara duýduryşyň berilendigi, alyp barýan işlerine gözegçilik etmek maksady bilen raýat gözegçilik uçarlary bilen howa goranyş raketa ulgamlarynyň işjeň ýagdaýa geçirilendigi aýan edildi. 

Taýwanyň Goranmak ministrligi, düýn Twitterden beren beýanatynda bolsa, gündiz 52 sany harby uçaryň Taýwanyň howa giňişliginiň günort-günbatar bölegine girendigini mälim edipdi. 

Jemi 56 uçara ýeten bu günki düzgün bozma, Taýwanyň hasaba almaga başlan güni bolan 2020-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri bir günde anyklanan iň köp uçaryň gatnaşanmagynda bolan düzgün bozmadygy aýan edildi. 

Hytaýyň uçarlarynyň sanyny artdyryp Taýwanyň howa giňişligine girmegi sebitde dartgynlygyň artýandygynyň görkezijisi hökmünde häsýetlendirilýär. 



Degişli Habarlar