Hytaýyň Çžençžou Şäherinde Doronlar Adamlaryň Üstüne Gaçdy

Çžençžou şäherinde 200-den gowrak uçarmansyz howa ulagy bilen guralan wizual şouda täsin pursatlar başdan geçirildi

1714892
Hytaýyň Çžençžou Şäherinde Doronlar Adamlaryň Üstüne Gaçdy

Tomaşaçylar tarapyndan ýazga alynan sýužetlere görä söwda merkezlerinden biriniň golaýynda mawy yşyk saçyp, wizual şou emele getirýän dronlar birdenkä ýere gaçmaga başladylar.

Käbir dronlar bolsa ýoluň gyrasyndaky awtoulaglara kakan bolsa, käbirleri ýere gaçdy.

Geň galan tomaşaçylar bolsa bukulmak üçin ýer gözlediler.

Yşyk şou görkezlişine 5 müň adamyň tomaşa edendigi habar berilen bolsa, Hytaýyň mediasy heläkçiligiň “opeatiw ýalňyşlyk sebäplidigini” habar berdi.

Geçen ýylyň maý aýynda ýurduň günorta günbataryndaky Çengdudaky görkezlişiň dowamynda 17 dron ýere gaçypdy, derňew işiniň netijesinde “radio ulgam kesijinin” ulanylandygy anyklanypdy.



Degişli Habarlar