Eýranda ýer titremesi boldy

Eýranyň Çaharmahal we Bahtiýari welaýatynyň Çelgerd şäherinde bolan 5,7 bal ululygyndaky ýer titremede 12 adam ýaralandy

1714347
Eýranda ýer titremesi boldy

Tähran uniwersitediniň Seýismalogiýa merkezinden berilen beýanatda, Eýranyň Çaharmahal we Bahtiýari welaýatynyň Çelgerd şäherinde ýerli wagt sagat 06:09-da 5,7 bal ululygynda ýer titremäniň bolandygy habar berildi. 

Ýer titremäniň ýeriň 10 km aşagynda bolandygy mälim edildi. 

Eýranyň Tiz kömek gullugynyň metbugat sekretary Müjteba Halidi, başdan geçirilen ýer titremede 12 adamyň ýaralanandygyny belläp: "8 adam ýer titreme başdan geçirilen mahaly daşary çykjak bolanda ýaralandy, 4 adam bolsa harabalyklaryň aşagynda galyp ýaralandy" diýip habar berdi. 

Ýaralanan adamlaryň 6-synyň hassahanada bejergi edilip öýlerine ugradylandygyny, 6 adamyň bejergisiniň bolsa dowam edýändigini aýdan Halidi, ýer titreme sebäpli 20 oba zyýan ýetendigini aýan etdi. 


Etiketkalar: #ýer titreme , #Eýran

Degişli Habarlar