Ukraina Türkiýäniň Prezidentinden kömek sorady

Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba metbugata beýanat berdi

1713154
Ukraina Türkiýäniň Prezidentinden kömek sorady

Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba, ýurdyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiýniň, Russiýa tarapyndan tussag edilen ukrain raýatlaryň azat edilmegi üçin Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogandan goldaw sorandygyny habar berdi. 

Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba geçiren metbugat ýygnagynda Zelenskiýniň we Erdoganyň arasynda BMG-nyň 76-njy sessiýasyna gatnaşmak maksady bilen giden ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ikiçäk we toparara duşuşyklaryň geçirilendigini ýatlatdy.

Kuleba, duşuşykda ýurdunyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiýniň Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogandan, aralarynda Krym Tatar mejlisiniň başlygynyň orunbasary Neriman Jelalyň hem bolan 450 adamdan ybarat bolan tussaglylaryň sanawyny berendigini mälim etdi. 

Erdoganyň Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putinden olar üçin hem haýyş etmegini isländiklerini aýdan Kuleba, ukrainalylary Russiýanyň tussaghanalaryndan halas etmäge mejburdyklaryny beýan etdi. 



Degişli Habarlar