Liwiýadan Müsüre 7 Ýyl Soň Uçar Saparlary Başlady

Liwiýanyň Afrigiýah Airwaýs uçarynyň 7 ýyl soň Kairiň howa menziline uçandygy habar berildi.

1713218
Liwiýadan Müsüre 7 Ýyl Soň Uçar Saparlary Başlady

Liwiýanyň paýtagty Tripoli bilen Müsüriň paýtagty Kairiň arasyndaky uçar saparlary 7 ýyl soň ýaňadandan başlady.

Mesele hakynda berlen beýannamada, Liwiýanyň Afrigiýah Airwaýs uçarynyň 7 ýyl soň Kairiň howa menziline uçandygy habar berildi.

Tripoliden Müsüriň İskenderiýe şäherine uçar saparlary guralýar. Emma müsürli ýolbaşçylar howpsyzlyk sebäpli Liwiýadan Kaire uçar saparlarynyň guralmagyna rugsat bermeýärdi.

Liwiýada 2014-nji ýyldan bäri dowam edýän içerki uruş we syýasy krizisler sebäpli daşary ýurtlaryň ýurtdaky diplomatik wekilhanalarynyň işleri saklandy we halkara uçuşlaryň bir bölegi hem bes edildi.



Degişli Habarlar