Fransiýa BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Giňeldilmegini Goldaýar

Bu garaýyş Prezident Erdogan tarapyndan iler sürülipdi

1711508
Fransiýa BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Giňeldilmegini Goldaýar

Fransiýanyň DAşary işler ministrliginiň metbugat Sekretary8 Agnes won der Mýuhll žurnalistlerden biriniň “Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdoganyň BMG-niň agzalarynyň hukuklaryny giňeltmek üçin BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik 5 agzasyna basyş etmek maksadyna laýyklykda meýilnamasynyň bardygyny beýan etdi. Bu meselä Fransiýa nähili garaýar” diýlen soragyna ýazmaça jogap berdi.

“Fransiýa BMG-niň Howpsuzlyk geňşiniň giňeldilmegini uzak ýyllardan bäri goldaýar. Fransiýa hem hemişelik hem-de wagtlaýyn, iki kategoriýada-da BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň giňeldilmegini isleýär” frazasyny ulanan Mýull, şol çäkde Fransiýanyň Germaniýa, Braziliýa, Hindistan we Ýaponiýa döwletleriniň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalygy bilen Afrika ýurtlarynyň hemişelik we wagtlaýyn agzalarynyň sanynyň artdyrylmagyny goldaýandygyny beýan etdi.

Prezident Erdogan 23-nji sentýabrda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki Türk öýünde beren beýanatynda “Dünýäniň adalatly bolmagyny üpjün etmek mümkin” atly kitabynda BMG-de, esasanda Howpsuzlyk geňeşinde düýpli özgertme edilmegi boýunça garaýyşlaryny beýan edendigini ýatladylypdy.

Afrika ýurtlarynyň BMG-niň Howpsuzlyk genşinde hemişelik agzalyk mümkinçiligine eýe bolmalydygyny beýan eden Erdogan; “Şonuň hötdesinden gelen halatymyzda dünýädäki ähli döwletlere hakykatdan hem hukuk berildigi bolar. Eger şeýle bolman halatynda dünýä adalatly we eşretli däldir” diýipdi.



Degişli Habarlar