Hytaý, Owganystana Ynsanperwer Kömegini Berer

Hytaý Owganystana 3 million doza Kovid-19 sanjymy bilen birlikde 32 million dollarlyk azyk we derman kömegini berer

1705489
Hytaý, Owganystana Ynsanperwer Kömegini Berer

Hytaýyň Daşary işler ministri Wang Ýi, ýurdunyň Owganystana koronawirus epidemiýasyna garşy sanjym we gyssagly ynsanperwer kömegini berjekdigini aýtdy.

Ministr Wang, Owganystana goňşy ýurtlaryň daşary işler ministrleri derejesinde geçirlen maslahata gatnaşdy.

“Global Taýmes” gazetiniň berýän habaryna görä, Pakistanly, eýranly, täjigistanly, özbegistanly we türkmenistanly kärdeşleri bilen Owganystanda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşan Wang, Hytaýyň Owganystana 3 million doza Kovid-19 sanjymy bilen birlikde 32 million dollarlyk azyk we derman kömegini berjekdigini aýtdy.

Hytaýyň Daşary işler ministri, ABŞ-nyň we hyzmatdaşlarynyň hem owgan halkyna ykdysady we ynsanperwer kömegi meselesinde jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmelidigini belledi.



Degişli Habarlar