Meksikada 7 bal ululygynda ýer titremesi boldy

ABŞ-nyň Sunami duýduryş gullugy tarapyndan ýer titremeden soň sunaminiň boljakdygy barada duýduryş berildi

1704310
Meksikada 7 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Meksikanyň Guerrero ştatynda 7 bal ululygynda ýer titreme boldy. Ýer titremeden soň sunami duýduryşy berildi. Berilen ilkinji maglumata görä tebigy heläkçiliginde 1 adam ýogaldy. 

Meksikanyň Milli Seýismalogiýa gullugy, ýer titremäniň ýurdyň günorta-gündogaryndaky Guerrero ştatynyň Akapulko şäheriniň günorta-gündogarynda bolandygyny habar berdi. 

ABŞ-nyň Sunami duýduryş gullugy tarapyndan ýer titremeden soň sunaminiň boljakdygy barada duýduryş berildi. 

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew merkezi, ýer titremäniň ululygyny ilki bilen 7,4 bal hökmünde aýan etdi, soň bolsa 7 bal ululygynda bolandygyny mälim etdi. 

Ýer titremede ilkinji maglumatlara görä 1 adam ýogaldy. 


Etiketkalar: #ýer titreme , #Meksika

Degişli Habarlar