Guterreş BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşiniň Hemişelik Agzalary Bilen Owganystan Hakynda Pikir Alyşar

Owganystanyň paýtagty Kabulda halkara Hamid Kerzeý howa menziliniň golaýynda düýn birnäçe partlama boldy.

1698170
Guterreş BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşiniň Hemişelik Agzalary Bilen Owganystan Hakynda Pikir Alyşar

 

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, Owganystanda başdan geçirilýän soňky wakalary ara alyp maslahatlaşmak üçin duşenbe güni BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň hemişelik 5 agzasy ABŞ-nyň, Britaniýanyň, Fransiýanyň, Hytaýyň we Russiýanyň wekilleri bilen duşuşar.

Diplomatik çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, Guterreş, BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň weto güýjüne eýe hemişelik 5 agzasynyň wekillerini maslahata çagyrdy.

Göçürliş işleriň güýçli depginde dowam edýän günlerinde Owganystanyň paýtagty Kabulda halkara Hamid Kerzeý howa menziliniň golaýynda düýn birnäçe partlama boldy.

BBC, terrorçylykly hüjümlerde azyndan 60 adamyň ýogalandygyny, 140 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ öz üstüne aldy.



Degişli Habarlar