Kabulda Bolan Partlamada Ýogalanlaryň Sany Artdy

Beýleki tarapdan agşam ara paýtagt Kabulda başga bir partlama sesi eşidildi.

1697998
Kabulda Bolan Partlamada Ýogalanlaryň Sany Artdy
kabil hamid Karzai International Airport.JPG

Amerikan mediasi wakada 10 esgerin ölendigini habar berýan bolsa, “Al- Žazira” ölenleriň sanynyň 25-e, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 90 adama ýetendigini habar berýär.

“Assoşeýted Press” gullugy bolsa adynyň agzalmagyny islemeýän amerikaly resmileriň “hüjümin terror guramasy DAIŞ tarapyndan guralandygyna” ynanýandyklaryny habar berdi.

Amerikaly beýleki bir resmi bolsa “ilkinji habarnamalara görä kamikaze hüjüminin guralandygyny” beýan edipdi.

Beýleki tarapdan agşam ara paýtagt Kabulda başga bir partlama sesi eşidildi.

Ak Tam Jo Baýdeniň partlama habarynyň gelip gowuşmagyndan soň aýratyn şertlerde jemlenşilýän “Ýagdaýlar otagyna” geçendigini, ýerli wagt boýunça sagat 11:30-da Ysraýylyň Premýer-ministri Naftali Bennett bilen geçirjek duşuşygyny yza süýşürendigini habar berdi.

Amerikan metbugaty Baýdeniň aýaly Žill Baýden bilen 1-nji sentýabrda guramagy meýilleşdiren syýahatyny hem yza süýşürendigini ýazdy.



Degişli Habarlar