Kabul howa menzilindäki tertipsizlikde 4 owgan esger ýogaldy

Owganystanyň paýtagty Kabul howa menziliniň girelgesinde bolan tertipsizlikde 4 owgan esger ýogaldy, 3 owgan esger bolsa ýaralandy

1696601
Kabul howa menzilindäki tertipsizlikde 4 owgan esger ýogaldy

Kabul Hamid Karzaý halkara howa menziliniň harby bölüminde düýn agşam garaşylmadyk hadysalar başdan geçirildi. 

Alynan maglumata görä, Owganystanyň Ýöriteleşdirilen harby güýçlerinden bir esger, howa menziliniň öňündäki ulagynyň içinde kärdeşiniň jesedini tapdy. Özüni ýitiren owgan esgeriniň ýokaryk od açmagy bilen sebitde nobatda duran halkara harby güýçler özlerine hüjüm edilýändigini pikir edip, garşylyk görkezdi. 

Kabul howa menzilinde başdan geçirilen tertipsizlikde 4 owgan esger ýogaldy, 3 owgan esger bolsa ýaralandy. 


Etiketkalar: #Kabul , #howa menzili , #owgan

Degişli Habarlar