Gaiti döwletindäki ýer titremede ýogalanlaryň sany 1 müň 297 adama ýetdi

Gaiti döwletiniň suw giňişliginde şenbe güni bolan 7,2 bal ululygyndaky ýer titremede ýogalanlaryň sany 1 müň 297 adama ýetdi.

1691790
Gaiti döwletindäki ýer titremede ýogalanlaryň sany 1 müň 297 adama ýetdi

Resmiler, ýurtda uly weýrançylygyň başdan geçirilendigini belläp, harabalyklaryň aşagyndaky adamlaryň tapylmagy üçin gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini habar berdiler. 

Gaitiniň Raýat goranyş agentligi, ýer titremede ýogalanlaryň sanynyň 1297 adama ýetendigini, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 5 müň 700 adamdan geçendigini mälim etdi. 

Uly weýrançylyga sezewar galan ýurt halkara derejede ýardam berilmek barada çagyryş berdi. 

Gaitiniň Premýer ministri Ariel Genri beren beýanatynda, ýer titreme sebäpli ençeme binanyň ýumrulandygyny aýan etdi. 

Genri ýurtda 1 aýlyk adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilendigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar