“Baýden Yrakdan Netije Çykarmady”

Graham Baýdeni tankyt etdi

1690684
“Baýden Yrakdan Netije Çykarmady”

Amerikanyň Respublikaçy Senatory Lindseý Graham: “Prezident Baýden Yrakdan degişli netije çykarmadyga meňzeýar. Owganystanda has agyr şertler ýüze çykar” diýdi.

Graham Amerikan hökümetiniň Owganystandan çekilmek hakyndaky kararyny tankyt edip: “Owganystanda ABŞ-nyň bähbitlerine hüjüm etjek DAİŞ-in we Al Kaýdanyň ýaňadandan ýüze çykmagyna sebäp boljak şertler döredilýär. Amerika dünýäde ynamsyz hyzmatdaş hökmünde kabul edilýär. Russiýa, Eýran we Hytaý sebitde güýçlener” diýdi.

Senator Graham ABŞ-nyň Owganystandan harby güýçlerini çekmek we Kabuldaky İlçihanasynyň işgärleriniň esasy bölegini çykarmak hakyndaky kararyndan soň Twitter hasabyndan beren habarnamasynda Amerikan hökümetini tankyt etdi.

Başdan geçirilýän wakalar sebäpli “harby geňeşçilerini diňlemeýän” Amerikan Prezidenti Baýdeni günäkärlän Graham; “Prezident Baýden belli bolşuna görä Yrakdan hiç hili netije çykarmady. Owganystanda has agyr şertler ýüze çykar” diýdi.



Degişli Habarlar